Italiýa Türkiýe bilen söwda gatnaşyklaryny ösdürmegi maksat edinýär

Italiýa Türkiýe bilen arasyndaky söwda mukdary 30 milliard dollara ýetirilmegi maksat edinýär

1323924
Italiýa Türkiýe bilen söwda gatnaşyklaryny ösdürmegi maksat edinýär

Italiýanyň Ankaradaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Massimo Gaýani, Italiýanyň Premýer ministri Konteniň, Türkiýe bilen Italiýanyň arasyndaky söwda mukdarynyň 30 milliard dollara ýetirilmegini maksat edinýändigine ünsi çekdi.

Gaýani Anadoly habarlar gullugyna beren beýanatynda, Türkiýe bilen Italiýanyň arasyndaky güýçli dostlukly gatnaşyklara aýratyn ünsi çekdi.

Türkiýäniň geljek ýyl ýaňadandan ösüş depgininiň ýokarlamagyna garaşylýandygyny aýdan Gaýani, “Türkiýäni şol bir wagtda Orta Aziýa we beýleki bazarlar üçin arabaglanşyk nokady hökmünde görýäris. Özara gatnaşyklarymyzy ösdürmek üçin uly mümkinçiligimiz bar” diýdi.

Türkiýe bilen Italiýanyň arasyndaky söwda mukdarynyň 20 milliard dollara barabardygyny aýdan Gaýani, “Italiýanyň Premýer ministri Konte, özara söwda gatnaşyklarymyzdan hoşal. Bize Türkiýe bilen Italiýanyň arasyndaky söwda mukdarynyň 30 milliard dollara ýetirilmegi üçin görkezme berdi. Biz şol maksada ýetmek üçin uly tagalla edýäris” diýdi.



Degişli Habarlar