Oktýabr aýynda daşary ýurtlylara 4,272 ýaşaýyş jaýy satyldy
Daşary ýurtlylara ýaşaýyş jaýynyň satuwy soňky üç aýdan bäri tapgyrlaýyn görnüşde ýokarlaýar
1308509
Sentýabr aýynda daşary ýurtlylara edilen ýaşaýyş jaý satuwy 2 göterim ýokarlapdy.
Şeýlelikde oktýabr aýynda ýylyň 10 aýlyk döwründe iň ýokary çäge ýetildi.
Üstümizdäki ýylyň ýanwar-oktýabr aýlarynyň aralygynda daşary ýurtlylaryň alan ýaşaýyş jaýlarynyň sany 36,197-ä ýetdi. Geçen ýylyň degişli döwründe bolsa 30,431 ýaşaýyş jaýy satylypdy.
Gozgalmasyz emläk pudagynyň wekilleri geçen ýyl daşary ýurtlylara 39,663 ýaşaýyş jaýynyň satylandygyny ýatladyp, şu ýyl 40 müňe ýetiljekdigini beýan edýärler.