Russiýa söwda söweşleriniň täsirini azaltmak isleýär

Russiýanyň Ykdysady galkynyş ministri Maksim Oreşkin, söwda söweşleri sebäpli dörän ýaramaz täsirleri azaltmak üçin Hytaý we Arap ýurtlary bilen täsirli ýagdaýda işleşýändiklerini belledi

1250133
Russiýa söwda söweşleriniň täsirini azaltmak isleýär

Maksim Oreşkin, Rusiýanyň Gorno-Altaýsk şäherinde žurnalistlere beren beýanatynda, ABŞ bilen Hytaýyň arasynda ýaňadandan başlanan söwda söweşleriniň Russiýanyň ykdysadyýetine ýetirýän täsirleriniň üstünde durup geçdi.

Söwda söweşleriniň Russiýanyň ykdysadyýetine çäklendiriji täsirleriniň boljakdygyny aýdan Oreşkin: “Emma ähli zat biziň elimizde. Ýurdyň içindäki ösüşimize we daşary ýurt bazarlaryndaky mümkinçiliklere gönükmelidiris” diýip nygtady.

Oreşkin, global ykdysadyýetdäki peselmäniň Russiýanyň ykdysadyýetine täsirini azaltmak üçin tagalla edýändiklerini belläp: “Global ykdysadyýetdäki peselişe garamazdan, Russiýanyň global bazardaky paýyny artdyrmak üçin Hytaý we Arap ýurtlary bilen täsirli ýagdaýda işleşýäris. Şeýlelik bilen söwda söweşleriniň täsirini deňagramly ýagdaýda saklaýarys” diýip aýan etdi.

Penşenbe güni ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp, Hytaýdan import edilýän 300 milliard dollarlyk önüme goşmaça 10 göterimlik salgyt girizendiklerini habar berdi.

Hytaýyň Söwda ministrligi bolsa ABŞ-nyň Hytaýyň önümlerine garşy girizen täze salgytlaryndan soň, Hytaýyň kärhanalaryna ABŞ-den oba-hojalyk önümlerini satyn almaklaryny wagtlaýyn gadagan edendiklerini habar berdi.



Degişli Habarlar