Gara injir eksporty başlady

Gara injiriň Britaniýa, Fransiýa, Germaniýa, Gollandiýa, Russiýa, Dubaýa we Gongkonga eksporty başlady

1245103
Gara injir eksporty başlady

Egeý sebitiniň möhüm oba-hojalyk önümleriniň biri bolan we Britaniýanyň şa maşgalasynyň hem saçagynda bolan gara injiriň eksporty başlady.

Gara injiriň Britaniýa, Fransiýa, Germaniýa, Gollandiýa, Russiýa, Dubaýa we Gongkonga eksporty başlady.

Gara injir ganyň goýalmagynyň öňüni alyp, ýürek keselleri howpyny azaldýar, deridäki ýaralaryň tiz ýagdaýda gutulmagyny üpjün edýär, gan azlygyň öňüni alýar.

Energiýa çeşmesi bolan gara injir astma (demgysma), üsgülewük we sowuklama ýaly keselleri bejergi etmek aýratnlygyna eýe bolup, içiň ýöremezligini ortadan aýyrýar, ganyň düzümindäki holesterin derejesini deňagramly tutmaga kömek berýär.


Etiketkalar: #eksport , #Egeý , #gara injir

Degişli Habarlar