Täjigistanyň elektrik eksporty artdy

Täjigistan ýylyň birinji ýarymynda Özbegistana, Owganystana we Gyrgyz Respublikasyna 1,27 miliard kilowat sagat elektrik energiýasyny eksport etdi

1236385
Täjigistanyň elektrik eksporty artdy

Täjigistanyň Energetika we suw serişdeleri ministri Usmanali Usmanzada ýurdunyň ýylyň birinji ýarymynda goňşy ýurtlara satan elektrik togunyň mukdaryny geçen ýylyň degişli döwrüne görä 33,3 göterim ýokarlandyrandygyny beýan etdi.

Ýylyň birinji ýarymynda Özbegistana, Owganystana we Gyrgyz Respublikasyna 1,27 miliard kilowat sagat elektrik energiýasynyň eksport edilendigini aýdan Usmanzada, ýurdunyň şol döwürde elektrik togunyň eksportyndan 24,3 million dollar girdeji alandygyny habar berdi.

Täjik tarapynyň beýan etmegine görä ýylyň birinji ýarymynda geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 6,5 göterim ýokarlan elektrik önümçiligi 10,1 milliard kilowat sagada deň boldy.

Geçen ýyl goňşy Owganystana we Özbegistana satan elektrik togundan 77 million dollar girdeji gazanan Täjigistan, üstümizdäki ýyl adybir ýurtlara jemi 3,2 milliard kilowat sagat elektrik toguny eksport etmegi nazarda tutýar.

 

 



Degişli Habarlar