Goranyş we awiasiýa pudaklary eksportda uly ösüş etdi

Goranyş we awiasiýa pudaklary ýylyň birinži ýarymynda eksportuny geçen ýylyň degişli döwrüne görä 41,4 göterim artdyryp, 1,3 milliard dollara ýetirdi

1234289
Goranyş we awiasiýa pudaklary eksportda uly ösüş etdi

Türkiýäniň Eksportçylar Mežlisiniň görkezižilerine görä ýylyň birinži ýarymynda eksportuny geçen ýylyň degişli döwrüne görä ýokarlandyran esasy pudaklar goranyş we awiasiýa pudaklary boldy.

Türkiýäniň eksport degişli döwürde 1,24 göterim ýokarlady.

Goranyş we awiasiýa pudaklary 41,4 göterimlik eksport artyşy bilen birinži orny eýeledi.

Geçen ýylyň ýanwar-iýun aýlarynyň aralygynda 907 million dollara barabar bolan pudagyň eksport, 1 milliard 282 million 258 müň dollara deň boldy.

Goranyş we awiasiýa pudaklarynyň soň 18,9 göterim bilen himiki maddalar we önümleri, 15,7 göterim bilen sement, aýna, keramika we ýer önümleri, 9,53 gmterim bilen maşun gurluşygy we enžamlary pudaklary ösüş etdiler.



Degişli Habarlar