Türkiýäniň eksportunyň 2/3 bölegi deňiz ýoly bilen edildi

Gara ýoly bilen edilen eksport bolsa 28 göterime barabar boldy

1228052
Türkiýäniň eksportunyň 2/3 bölegi deňiz ýoly bilen edildi

Türkiýäniň eksporty ýanwar-maý aýlarynyň aralygynda geçen ýylyň degişli döwrüne görä 5 göterim ýokarlap, 72,7 milliard dollara deň bolan bolsa, şol eksportyň 2/3 bölegi deňiz ýoly arkaly amala aşyryldy.

Deňiz ulaglary bilen edilen eksport degişli döwürde 45,8 milliard dollara barabar boldy.

Türkiýäniň Hasabat Guramasynyň görkezijilerine görä daşary söwdada deňiz ýolundan soň esasan gara ýolundan peýdalanyldy.

Degişli döwürde eksportyň 28 göterime golaýy gara ýoly bilen, 8 göterimi bolsa howa ýoly arkaly, 0,6 göterimi bolsa demir ýoly bilen amala aşyryldy.

Ýanwar-maý aýlarynyň aralygynda gara ýoly bilen edilenn eksportyň mukdary 3 göterim ýokarlap, 20,2 milliard dollara ýeten bolsa, howa ýoly bilen edilen eksport 8,5 göterim ýokarlap, 5,6 milliard dollara deň boldy.

Demir ýoly edilen edilen eksport bolsa degişli döwürde 60 göterim ýokarlap, 403 million dollara barabar boldy.



Degişli Habarlar