Türk Akymy tebigy gaz geçirji taslamanyň gurluşygy dowam edýär

Türk Akymy tebigy gaz geçirji taslamanyň çäginde Türkiýäniň Frakiýa sebitindäki kenaryndaky Kyýyköý diýilen ýerde ýerleşýän terminalyň gurluşygynyň 80 göterimi tamamlandy

1221640
Türk Akymy tebigy gaz geçirji taslamanyň gurluşygy dowam edýär

Russiýanyň energetika kärhanasy Gazprom tarapyndan berilen ýazmaça beýanatda, kärhananyň dolanşyk geňeşiniň Türk Akym we Demirgazyk Akym 2 taslamalarynda edilen işleriň üstünde durulyp geçilendigi habar berildi.

Taslamalaryň ikisiniň hem gurluşyklarynyň kesgitlenen möhlet boýunça dowam edýändigi aýdylýan beýanatda: “Demirgazyk Akym 2 taslamasynyň 59 göterimlik bölegini emele getirýän 1450 kilometrlik liniýasy Baltika deňizinde çekildi” diýip aýan edildi.

Türk Akymy taslamasynda bolsa Gara deňizde turba geçiriji ulgam etabynyň tamamlanandygyna ünsler çekilen beýanatda: “Türkiýäniň Frakiýa kenaryndaky Kyýyköý diýilen ýerdäki terminalyň gurluşyk işleriniň 80 göterimi tamamlandy” diýip habar berildi.

Gazprom tarapyndan birnäçe wagt ozal berilen beýanatda, Türk Akymy taslamasy boýunça ilkinji gaz eksportynyň ýylyň ahyryna çenli başlanmagy meýilleşdirilýändigi mälim edildi.


Etiketkalar: #Gazprom , #Türk Akymy

Degişli Habarlar