Ministr Pekjan Parižde koreýaly kardeşi bilen duşuşdy

Söwda ministri Ruhsar Pekjan Fransiýanyň paýtagty Parižde Koreýa Respublikasynyň Söwda ministri Ýu Mengi bilen duşuşdy

1207028
Ministr Pekjan Parižde koreýaly kardeşi bilen duşuşdy

Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasynyň (OEJD) Ministrler geňeşiniň maslahatyna gatnaşmak üçin Parižde bolýan Pekjan ol ýerde koreýaly kärdeşi bilen ikiçäk duşuşyk geçirdi.

OEJD-niň Merkezinde metbugata ýapyk häsýetde geçirilen duşuşykda iki ýurduň arasynda söwda mukdarynyň deňagramly artdyrylmagy barada pikir alyşyldy.

Şol çäkde Türkiýäniň Koreýa Respublikasy bilen söwda ýetmezçiliginiň ýapylmagy we Türkiýäniň eksport potensialyndan giňden peýdalanylmagy üçin edilmegi meýilleşdirilýän bilelikdäki taslamalar seljerildi.

Duşuşykda iki ýurduň arasyndaky Erkin söwda ylalaşygyndan has giňden peýdalanylmalydygyna üns çekilip, Türkiýeden esasanda ekerançylyk önümleriniň söwdasynyň ösdürilmegi baradaky islegler beýan edildi.

Ministr Pekjan duşuşykda iki ýurduň arasyndaky söwda mukdarynyň 2018-nji ýylda 7,2 milliard dollara ýetendigine ünsi çekip, Türkiýäniň daşary söwda ýetmezçiliginiň 10 göterimine golaýynyň Demirgazyk Koreýa sebäplidigi göz öňünde tutulanda Koreýa Respublikasyna eksportyň artdyrylmagynyň möhümdigini nygady.

Koreýa Respublikasynyň firmalaryny Türkiýede maýa goýmaga çagyran Pekjan şol çäkde nebit-himikýa, polat, telewizor panelleri, tokly batareýalar, lukmançylyk enjamlary, öýjükli telefonlar we gün panelleri ýaly pudaklaryň esasy ugurlar bolup biljekdigine ünsi çekdi.

Koreýa Respublikasynyň Söwda ministri Mengi bolsa Türkiýe bilen söwda gatnaşyklarynyň ösdürilmegine aýratyn üns berýändiklerini beýan etdi.



Degişli Habarlar