Türk üljesi Hytaýa eksport ediler

Afýonkarahisar Türkiýäniň ülje önümçiliginde esasy orun eýeleýär

1187944
Türk üljesi Hytaýa eksport ediler

Türkiýe bilen Hytaýyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi we goldanmagy jemgyýetiniň başlygy İhsan Beşer, 5 ýyldan bäri türk üljesiniň Hytaýa eksport edilmegi üçin geçirilýän gepleşikleriň oňyn netije berendigini aýtdy.

Afýonkarahisarda metbugata beýanat beren Beşer, şäheriň Türkiýäniň ülje önümçiliginde esasy orun eýeleýändigini nygtady.

Afýonkarahisarda ösdürlip ýetirişdirilýän üljäniň dünýäniň çar tarapynda ýakyndan tanalýandygyny belledi.

Beşer “Ýewropa we Hytaý bilen birlikde dünýäniň çar tarapyna Türkiýede ösdürlip ýetişdirilýän üljäniň eksport edilmegi meselesi gün tertibinde esasy orun eýeleýär. 5 ýyldan bäri türk üljesiniň Hytaýa eksport edilmegi üçin geçirilýän gepleşikler oňyn netijelendi. Hytaý ülje eksporty taýdan uly mümkinçilige eýe. Ýakynda Günorta Koreýa bazary hem açylar” diýdi.

 

 

 

 


Etiketkalar: #ülje , #eksport , #Hytaý

Degişli Habarlar