Türkiýäniň bor eksporty 1 milliard dollardan geçdi

Bor magdan 250-den gowrak ugur boýunça giňden peýdalanylýar

1185123
Türkiýäniň bor eksporty 1 milliard dollardan geçdi

 

Energetika we tebigy serişdeler ministri Fatih Dönmez, Türkiýäniň bor eksportynyň 1 milliard dollardan geçendigini aýtdy.

Ministr Fatih Dönmez, Newşehirde Halkara Bor simpoziýumynyň BORON 2019-yň açylyş dabarasynda sözlän sözünde bor magdanynyň 250-den gowrak ugur boýunça giňden peýdalanylýandygyny aýtdy.

Türkiýäniň dünýäniň bor ätiýajynyň 73 göterimine eýedigini aýdan Dönmez, bordan has ýokary hili önümleriň öndürilmegi üçin Bor ylmy barlag merkeziniň döredilmegi baradaky işleriň dowam edýändigini belledi.

Ministr Dönmez bor magdanynyň ekerançylyk pudagynda hem giňden ulanylmaga başlanandygyny ýatlatdy.

Fatih Dönmez, Türkiýäniň bor eksportynyň 1 milliard dollardan geçendigini ýatlatdy



Degişli Habarlar