Pakistan ministrliklere degişli edaralaryň binalaryny satar

Pakistan döwlet gaznasyna girdeji getirmek üçin käbir ministrlikleriň we ministrliklere degişli edaralaryň binalaryny satmak barada karar kabul etdi

1167272
Pakistan ministrliklere degişli edaralaryň binalaryny satar

Premýer ministr İmran Hanyň baştutanlyk etmeginde geçirilen ministrler kabinetiniň mejlisinden soň beýannama beren Maglumatlar ministri Fawad Çaudri ähli ministrliklerden gozgalmasyz emläkleriň sanawynyň berilmeginiň islenendigini aýtdy.

Hanyň talap eden sanawynyň şu günki mejlisde ara alynyp maslahatlaşylandygyny aýdan Çaudri; “Hökümet esasanda ulanylýan binalary satmak üçin ilki düzgünnama çykarmaly, çünki her bir ministrligiň şol satuwlaryň öňüni alýan öz syýasaty bar” diýdi.

Çaudri bina satuwlarynyň döwlet gaznasyna trillionlarça Pakistan rupisi girdeji getirjekdigini nygtady.

Ministrlikleriň binalaryň satuwy üçin 4 ministrden ybarat bolan toparyň döredilmegi barada karar hem kabul edildi.

Mejlisde Pakistanda ekerançylygy ösdürmek baradaky Milli ekerançylyk baradaky gyssagly iş meýilnamasy ara alynyp maslahatlaşyldy.



Degişli Habarlar