Türkiýeden 5 million dollarlyk gül eksport edildi

8-nji mart Bütindünýä aýal-gyzlar güni mynasybetli Türkiýeden 20 ýurda 5 million dollarlyk gül eksport edildi

1158068
Türkiýeden 5 million dollarlyk gül eksport edildi
cicekler.jpg
cicek.jpg
cicek ihracat.jpg

Merkezi Anadoly Bezeg Ösümlikleriniň we Önümleriniň Eksportçylarynyň Bileleşiginiň başlygy İsmail Ýylmaz 14-nji fewral Waletin güni mynasybetli bildirilen isleglerden soň 8-nji mart Bütindünýä aýal-gyzlar gününe taýarlyk görendikleri, 20 günden bäri şonuň üçin işleýändiklerini aýtdy.

Bütidünýä aýal-gyzlar güni üçin soňky islegiň düýn ugradylandygyny beýaneden Ýylmaz; “20 ýurda 35 million sany gül ugratdyk. Esasanda Ukraina, Rumyniýa we Bolgariýa eksport etdik. Aýal-gyzlar güni esasan ozalky Gündogar bloguna girýän ýurtlarda bellenilip geçilýär. Ýewropanyň günbatar böleginde beýle dabaraly bellenilmeýär” diýdi.



Degişli Habarlar