Hindistandan Türkiýä gelýän syýahatçylaryň sany barha artýar

Hindistandan Türkiýä gelýän syýahatçylaryň sanynyň geçen ýyl 2017-nji ýyl bilen deňeşdirilende 80 göterim artdy

1149906
Hindistandan Türkiýä gelýän syýahatçylaryň sany barha artýar

 

Hindistanyň Türkiýedäki Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Sanžaý Bhattaçarýýa, Hindistandan Türkiýä gelýän syýahatçylaryň sanynyň geçen ýyl 2017-nji ýyl bilen deňeşdirilende 80 göterim artandygyny aýtdy.

Türkiýäniň esasy liža merkezlerinden biri bolan Erzurumdaky Palandöken liža merkezine baran ilçi Sanžaý Bhattaçarýýa, Erzurumy halandygyny we haýran galandygyny nygtady.

Erzurumyň taryhy taýdan gaty baý şäherdigine ünsi çeken Bhattaçarýýa, şäheriň Rim imperatorlygy döwründen bäri birnäçe medeniýete ýer eýeçiligini edendigini gürrüň berdi.

Hindistanly syýahatçylaryň umuman alnanda Stambula, Kapadokýa we Antalýa gelýändigini aýdan Bhattaçarýýa “Erzurum, Wan köli, Kars syýahatçylyk üçin tapawutly mümkinçilikler hödürläp biler we syýahatçylaryň ünsüni özüne çeker” diýdi.

 

 



Degişli Habarlar