Yragyň we Eýranyň merkezi banklary töleg mehanizmi boýunça ylalaşdy

Eýranyň döwlet habar beriş serişdelerinden berilen habara görä düýn Yragyň paýtagty Bagdada giden Eýranyň Merkezi bankynyň başlygy Abdunnasyr Himmeti yrakly kardeşi Ali Al Alak bilen duşuşdy

1139841
Yragyň we Eýranyň merkezi banklary töleg mehanizmi boýunça ylalaşdy

Himmeti we Alak iki ýurduň arasynda pul dolanşygy üçin töleg mehanizmi baradaky ylalaşyga gol çekişdi.

Eýranyň Yragyň esasy söwda hyzmatdaşlaryndan biridigini beýan eden Himmeti, gatnaşyklaryň dowam etmegi üçin banklaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň möhümdigini aýtdy.

ABŞ-nyň sanksiýalary bilen Eýranyň ykdysady we syýasy şertlerini durnuksyzlaşdyrmak üçin tagalla edýändigini, emma görülen çäreler bilen oňa ýol berilmejekdigini aýdan Himmeti, Eýranyň ykdysadyýetinde durnuklylygyň höküm sürýändigini öňe sürdi.

Yragyň Merkezi bankynyň başlygy Alak bolsa maliýe mehanizmiň iki ýurduň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygyň güýçlendirilmegi üçin amatly şert döretjekdigini we ykdysady hyzmatdaşlygyň öňündäki bökdençlikleriň aýrylmagy ugrunda tagalla etjekdiklerini beýan etdi.

Ylalaşyga görä Yragyn tebigy gaz we elektrik togy boýunça karzlary Eýranyň Merkezi bankynyň islegine laýyklykda tölener hem-de geljekde eksport ediljek harytlardan alynjak girdejileri hem şol çäkde tölener.



Degişli Habarlar