Turhan Stambul howa menziline mart aýynda doly geçiljekdigini aýtdy

Transport we infratruktura ministri Jahit Turhan Stambul howa menziline geçiş işleriniň mart aýynda dolulygyna tamamlanjakdygyny beýan etdi

1130794
Turhan Stambul howa menziline mart aýynda doly geçiljekdigini aýtdy

Turhan Türk howaýollarynyň  Stambul howa menzilindäki bäş sany operatiw desgasynyň açylyş dabarasynda sözlän sözünde Stambul howa menziliniň ideýanyň, hyýalyň, giň düşünjeliligiň iş ýüzüne geçen nusgasydygyny nygtap: “Göçüş işleri dowam edýär. Mart aýynda dolulygyna tamamlanar” diýdi.

200 million ýalagçy üçin niýetlenen dünýäniň iň uly howa menzillerinden biri boljakdygyny beýan eden Turhan, Stambul howa menzili bilen şäherin gündogaryň we günbataryň, demirgazygyň we günorta ýurtlarynyň arasynda geçiş merkezine öwrüljekdigini aýtdy.

Turhan Türkiýäniň awiasiýada ýeten sepgidiniň iňňän ýokarydygyny belläp, şol sepgidiň esasy gahrymanynyň Türk howaýollarydygyny nygtady.



Degişli Habarlar