Bütindünýä Ykdysadyýet Forumy ertir öz işine başlar

Bütindünýä Ykdysadyýet Forumynyň şu ýylky maslahatlary 22-25-nji ýanwar aralygynda Şweýsariýanyň Dawos şäherçesinde geçiriler

1129921
Bütindünýä Ykdysadyýet Forumy ertir öz işine başlar

Dünýäniň tanymal syýasy we işewür adamlarynyň gatnaşmagyndaky Forumy “Globallaşma: Dördünji senagatlaşma ynkylaby zamanasynda global gurluşy ugrukdyrmak” temasy bilen başlar.

Şu ýyl 49-njysy geçiriljek maslahata 110 ýurtdan 3 müňden gowrak işewür adamy, syýasatçy, alym we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşar.

Maslahatda Türkiýä Gazna we maliýe ministri Berat Albaýrak, Söwda ministri Ruhsar Pekjan bilen Merkezi bankyň başlygy Murat Çetinkaýa wekilçilik eder.

Wagtlaýyn býujet düşnüşmezligi sebäpli federal hökümetiň ýapylmagy sebäpli Dawosdaky maslahata gatnaşmajakdygyny beýan eden ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp bilen Britaniýanyň Premýer ministri Teresa Meý bilen Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron hem maslahata gatnaşmaz.



Degişli Habarlar