Erdogan DEIK-iň Maliýe geňeşiniň maslahatynda çykyş etdi

Prezident Rejep Taýýip Erdogan, Türkiýäniň ösüşini duruzjak hiçbir pany güýjiň ýokdugyny nygtady

1112041
Erdogan DEIK-iň Maliýe geňeşiniň maslahatynda çykyş etdi

 

Erdogan Stambul şäherinde geçirilen Daşary Ykdysady gatnaşyklar geňeşiniň (DEIK) 2018-nji ýylynyň Maliýe geňeşinde çykyş etdi.

2002-nji ýylda hökümetiň başyna geçen mahallary Türkiýäniň eksportynyň 36 milliard dollar bolandygyny, häzirki wagtda bolsa şol mukdaryň 170 milliard dollara çenli ýokarlandygyny aýdan Erdogan: “Täze girizilen düzgünnama bilen 8 müň 582 eksportçymyza ýaşyl pasport berdik, dünýäniň ençeme ýurdyna wizasyz syýahat edip bilmekleriniň öňüni açdyk” diýdi.

Erdogan Türkiýäniň diplomatiýada, ynsanperwer kömeklerde bolşy ýaly, söwda diplomatiýasynda hem arşa göterilmäge başlandygyny beýan etdi.

2019-njy ýylyň tapawutly ýyl boljakdygyny aýdan Prezident Erdogan: “Göwnüçökgünligi we umytsyzlygy gapymyza golaýlaşdyrmadygymyz saýyn ýurdumyzyň ösüşini duruzjak hiç bir pany güýç ýokdyr” diýip belledi.

Indoneziýadaky sunaminiň hem üstünde durup geçen Erdogan: “Indoneziýanyň halkyna, türk halky hökmünde bu pursatdan peýdalanyp gynanç bildirýärin” diýdi.


Etiketkalar: #Erdogan , #DEIK , #Indoneziýa , #eksport

Degişli Habarlar