Stambul howa menzilinde uçar saparlary artdyrylýar

Türk Howa ýollarynyň (THÝ) Dolanşyk geňeşiniň başlygy Bilal Ekşi Twitter hasabyndan beýanat berdi

1110410
Stambul howa menzilinde uçar saparlary artdyrylýar

 

Türk Howa ýollarynyň (THÝ) Dolanşyk geňeşiniň başlygy Bilal Ekşi, Stambul howa menzilinde ösmäge dowam edýändiklerini belläp: “Gysga wagtyň içinde ýurdyň hem öz içindäki hem-de daşary ýurtlara ýerine ýetirýän uçar saparlarymyzy 2 esse artdyrarys” diýip habar berdi.

Bilal Akşi Twitter hasabyndan beren beýanatynda: “Stambul howa menzilinde ösýäris. Häzirki wagta çenli 66 müňden gowrak ýolagça hyzmat beren ýerimiz bolan Stambul howa menzilinde ösmäge dowam edýäris. Gysga wagtyň içinde ýurdyň hem öz içindäki hem-de daşary ýurtlara ýerine ýetirýän uçar saparlarymyzy 2 esse artdyrarys. Stambul howa menzili buýsanç taslamasy” diýip nygtady.



Degişli Habarlar