Pudaklaýyn ynam indeksleri ýokarlady

Hyzmatlar pudagynyň ynam indeksi noýabr aýynda 5,4, bölekleýin söwda pudagynyň ynam indeksi 4,3 göterim ýokarlady

1095127
Pudaklaýyn ynam indeksleri ýokarlady

Türkiýäniň Hasabat guramasy noýabr aýynyň pudaklaýyn ynam ikdekslerini çap etdi.

Şuňa laýyklykda möwleýin täsirlerden saplanan hyzmatlar pudagynyň ynam indeksi sentýabr aýynda 75,7 göterim bolan bolsa, noýabr aýynda 5,4 göterim ýokarlap, 79,8 göterime barabar boldy.

Hyzmatlar pudagynda geçen aýa görä iş şerti, hyzmatlara bolan isleg we hyzmatlara bolan isleg meýili ýokarlady.

Möwsümleýin täsirlerden saplalan bölekleýin söwda pudagynyň ynam indeksi hem noýabr aýynda 4,3 göterim ýokarlap, 90,7 göterime deň boldy.

Bar bolan haryt ätiýajynyň derejesinin indeksi bolsa 3,5 göterim aşaklap, 112,9 göterime deň boldy.


Etiketkalar: #noýabr , #indeks

Degişli Habarlar