Türkiýe 98 ýurda duzlanan gök önümleri eksport etdi

Duzlanan gök önümleri eksportundan 151 million dollarlyk girdeji gazanyldy

1079695
Türkiýe 98 ýurda duzlanan gök önümleri eksport etdi

Türkiýe ýanwar-sentýabr aýlaryny öz içine alýan döwürde 98 ýurda duzlanan gök önümlerini eksport edip 151 million dollarlyk girdeji gazandy.

Egeý Eksportçylar bilelleşiginden berlen beýanata görä, üstümizdäki ýylyň 9 aýlyk döwründe 98 ýurda duzlanan gök önümler eksport edildi we 151 million dollarlyk girdeji gazanyldy.

Eksport sanawynda 35 million dollar bilen Germaniýa birinji orny eýeledi.

ABŞ 22,6 million dollar bilen ikinji, Gollandiýa bolsa 21,7 million dollar bilen üçünji orny eýeledi.

 

 

 

 

 



Degişli Habarlar