Sudan Türkiýe bilen edýän gatnaşyklaryny ösdürmek isleýär

Sudanyň Wise-prezidenti Ibrahim Al Senusi Türkiýe bilen edýän gatnaşyklaryny ösdürmek isleýändiklerini aýtdy

1059748
Sudan Türkiýe bilen edýän gatnaşyklaryny ösdürmek isleýär

Mesele barada Sudan tarapyndan berlen ýazmaça beýanata görä, Wise-prezident Senusi Garaşsyz senagatçylar we işewür adamlary jemgyýetiniň ýolbaşçysy Ibrahim Uýary kabul etdi.

Senusi duşuşykda Sudan bilen Türkiýäniň arasyndaky özara gatnaşyklary ähli taraplaýyn ösdürmek isleýändiklerini nygtady.

Garaşsyz senagatçylar we işewür adamlary jemgyýetiniň ýolbaşçysy İbrahim Uýar bolsa 78 ýurtda iş alyp barýan jemgyýetiň 60 müň türk firmasynyň we 11 müň agzasynyň bardygyna ünsi çekdi we Sudanyň Wise-prezidenti Senusi noýabr aýynda 120-den gowrak ýurduň gatnaşmagynda Stambulda geçirilmegi meýilleşdirilýän EXPO çagyrdy.

 



Degişli Habarlar