ABŞ, Taýwana 300 million dollarlyk harby enjam satar

ABŞ-niň hökümeti, Taýwana 330 million dollarlyk harby enjamlaryň satylmagyny tassyklady

1056440
ABŞ, Taýwana 300 million dollarlyk harby enjam satar

ABŞ-niň Goranmak ministrligi Pentagon tarapyndan berilen beýanatda, Taýwana F-16 we beýleki harby uçarlar bilen baglanşykly 330 million dollarlyk goşmaça bölekleriň satuwynyň tassyklanandygy habar berildi.

Beýanatda hereketiň Aziýadaky harby deňagramlylygy üýtgetmeden Taýwanyň öz-özüni goramak mümkinçiligini artdyrjakdygy nygtaldy.

ABŞ-niň Senadynyň 1-nji awgustda kabul eden 2019-njy ýyl Maliýe ýyly Milli goranyş tassyklama kanuny, ABŞ-niň Taýwan bilen umumy harby türgenleşiklerini giňeltmegi, harby we harby bolmaýan ýokary derejeli saparlaryň artdyrylmagy göz öňünde tutulýar.


Etiketkalar: #harby enjam , #Taýwan , #ABŞ , #satmak

Degişli Habarlar