Eýran türk potratçylaryny maýa goýmaga çagyrýar

Eýranyň Ýol we şäher gurluşygy ministriniň geňeşçisi Feridun Pirloren türk potratçylaryny Eýrandaky gurluşyk taslamalaryna maýa goýmaga çagyrdy

1048233
Eýran türk potratçylaryny maýa goýmaga çagyrýar

“Anadoly” habarlar gullugyna beýanat beren Pirloren; “Hyzmatdaşlyk edýan türk firmalaryny ýene-de bir gezek Eýranda iş alyp barmaga çagyrýarys” diýdi.

Türk gurluşyk firmalarynyn eý ebolan tejrinesine ünsi çeken Pirloren, soňky sekiz ýylda türk gurlyşyk firmalary bilen gowy gatnaşyklary ýola goýandyklaryny we şol firmalaryň Eýrandaky köp sanly gurluşy taslamasyny iş ýüzüne geçirendigini beýan etdi.

Pirloren; “Mundan 7 ýyl ozal 20 müň ýaşaýyş jaýynyň gurluşygy üçin türk firmalary bilen şertnama baglaşypdyk. Şol taslama bilen ilkinji gezek gysga möhletde ýokary amatlykly binalar gurlup, halka ulanmaga berildi. Şol binalaryň ýaşaýjylary binalardan diýseň hoşal” diýdi.

Käbir türk gurluşyk firmalary bilen ýaşaýyş zolaklarynyň daşynda, awtoýollaryň gurulmagy üçin gepleşikler geçirendiklerini beýan eden Pirloren, Merwend-Töwriz-Bazargan arasyndaky awtoýol taslamasynyň şol gepleşikleriň dowamynda seljerilendigini gürrüň berdi.

Pirloren türk firmalary bilen hyzmatdaşlyk etmegiň medeni we taryhy sebäplerden has ýeňil hem-de amatlydygyny nygtady.

Eýranda türk firmalarynyň tejribeleri barada maglumatlarynyň bardygyny nygtan Pirloren, ýurdunyň türk gurluşyk firmalarynyň Eýranda iş alyp barmaklary üçin degişli taýarlyklary tamamlandyklaryny aýtdy.

 


Etiketkalar: #Eýran , #türk , #potratçylar

Degişli Habarlar