Indoneziýa, Malaýziýadan towuk importyny duruzdy

Indoneziýa, Malaýziýadaky bir towuuk fermasynda guş gribine gabat gelinmegi sebäpli, bu ýurtdan towuk importyny duruzdy

1037194
Indoneziýa, Malaýziýadan towuk importyny duruzdy

Ýerli metbugatdaky habarlara görä Indoneziýa, Malaýziýanyň Sabah welaýatyndaky Tamparuli şäherçesinde ýerleşýän towuk fermasynda guş gribine gabat gelinmegi sebäpli towuk we beýleki haýwanlaryň importyny wagtlaýyn duruzmak barada karar kabul etdi. 

Gonkong we BAE hem Malaýziýadan towuk importyny duruzandyklaryny habar berdi. 

Sabah welaýatynda ýerleşýän towuk fermalarynyň birinde guş gribiniň bardygy anyklanypdy, 6-njy awgustda 10 müňden gowrak towuk ýok edilipdi. 

 



Degişli Habarlar