Russiýa daşary söwdada uly ösüş etdi

Russiýanyň daşary söwdadaky artykmajy ýylyň 6 aýynda 2017-nji ýylyň degişli döwrüne görä 46 göterim ýokarlap, 98 milliard dollar boldy

1027595
Russiýa daşary söwdada uly ösüş etdi

Russiýanyň Federatiw Gümrük gullugynyň görkezijilerine görä ýurduň eksporty üstümizdäki ýykyn ýanwar-iýun aýlarynyň arasynda 26,5 göterim ýokarlap, 214,3 milliard dollara, import bolsa 13,6 göterim ýokarlap, 116,3 milliard dollara deň boldy.

Russiýanyň jemi söwda mukdary bolsa ýanwar-iýun aýlarynyň arasynda 2017-nji ýyl bilen deňeşdirilende 21,6 göterim ýokarlap, 330,6 milliard dolara barabar boldy.

Russiýanyň Federatiw Gümrük gullugyndan berilen beýanatda ýurduň daşary söwda artykmajy 2017-nji ýylda 2016-njy ýyl bilen deňeşdirilende 25,5 göterim ýokarlap, 130,6 milliard dollara ýetendigi habar berilipdi.


Etiketkalar: #Russiýa , #ösüş , #söwda , #mukdar

Degişli Habarlar