ABŞ bilen Hytaýyň arasyndaky salgyt söweşiniň 2-nji raundy 23-nji awgustda başlar

ABŞ-niň hökümeti Hytaýda öndürilen 50 milliard dollarlyk önümlere garşy gümrük salgydynyň girizilmeginiň 2-nji raundynyň 23-nji awgustda güýje girjekdigini habar berdi

1028098
ABŞ bilen Hytaýyň arasyndaky salgyt söweşiniň 2-nji raundy 23-nji awgustda başlar

Prezident Donald Tramp tarapyndan “tehnologik ogurlyk bilen adalatsyz söwda gollanmasy” hökmünde häsýetlendirilen ýagdaý sebäpli Hytaýda öndürilen tehnologik önümlere garşy gümrük salgydynyň girizilmegi bilen bagly sanksiýalaryň jikme-jikligi aýan bolmaga başlady.  

ABŞ-niň Söwda wekilhanasy (USTR) 23-nji awgustdan başlap goşmaça 25 göterimlik salgyt giriziljek 16 milliard dollarlyk önümleriň 2-nji sanawyny çap etdi.

Sanawda motor ýagy, etilen, winilhlorid, akril polimer we ýarym geçirijileri öz düzüminde jemleýän 279 madda bar.

Hytaýyň goranyş, raýat awiasia we önümçilik pudaklaryny nyşana alan gümrük salgytlarynyň 7-nji iýulda güýje giren ilkinji tapgyrynda bolsa ýadro reaktorlar, gaz turbinalar, howa we gaz suwuklandyrýan maşynlar, peçler we gap-gaç ýuwýan maşynlar ýaly 34 milliard dollar gymmadyndaky 818 önüm bardy.



Degişli Habarlar