Türkiýäniň syýahatçylyk pudagyndan gazanan girdejisi 30,1 göterim artdy

Türkiýäniň Hasabat guramasy syýahatçylyk pudagynyň girdejileri hakyndaky görkezijileri çap etdi

1023126
Türkiýäniň syýahatçylyk pudagyndan gazanan girdejisi 30,1 göterim artdy

Türkiýäniň syýahatçylyk pudagyndan gazanan girdejisi üstümizdäki ýylyň ikinji çärýeginde geçen ýylyň degişli döwrü bilen deňeşdirilende 30,1 göterim artyp 7 milliard 44 million 591 dollara barabar boldy.

Türkiýäniň Hasabat guramasy syýahatçylyk pudagynyň girdejileri hakyndaky görkezijileri çap etdi.

Görkezijilere görä, syýahatçylyk pudagynyň girdejisiniň 84,7 göterimi daşary ýurtly syýahatçylardan, 15,3 göterimi bolsa daşary ýurtlarda ýaşaýan türklerden gazanyldy.

Daşary ýurtly syhatçylaryň her biri ady agzalýan döwürde ortaça 602 dollar sarp etdi.

Türkiýeden daşary ýurda gidenleriň sany hem üstümizdäki ýylyň ikinji çärýeginde geçen ýylyň degişli döwrü bilen deňeşdirilende 24,9 göterim artyp 11 million 67 müň 987 adama ýetdi.

 

 



Degişli Habarlar