Türkiýe Pakistana 30 sany ATAK dik uçaryny satar

Türkiýe bilen Pakistan 30 sany T129 ATAK dik uçarynyň satylmagy üçin şertnama baglaşdy

1011839
Türkiýe Pakistana 30 sany ATAK dik uçaryny satar

Mesele hakynda berlen beýanata görä, Türk Awiasiýa we kosmos senagaty TUSAŞ bilen Pakistanyn Goranmak ministrliginiň arasynda T129 ATAK kysymly dik uçaryň satylmagy üçin geçirilen gepleşikler netijelendi

Gepleşikleriň netijesinde iki doganlyk ýurduň arasynda 30 sany T129 ATAK dik uçarynyň satylmagy üçin resmi şertnama baglaşyldy.

TUSAŞ şertnamanyň çäginde Pakistanly uçarmanlara harby tälim we logistiki goldaw berer.

Türkiýe bilen Pakistanyň arasynda geçirlen gepleşiklerde gazanylan ylalaşyga laýyklykda T129 ATAK dik uçarlary giň gerimli synaglardan geçirildi.

 

 

 



Degişli Habarlar