Pizişkiýan ýurduň nebit ätiýaçlaryna gönükmelidigini beýan etdi

Eýranyň Mejlisiniň başlygynyň orunbasary Mesud Pizişkiýan ýurdunyň ýadro maksatnamasyndan girdeji gazanmandygyny nygtap, onuň ýerine bar bolan nebit ätiýaçlaryna gönükmelidigini beýan etdi

1005657
Pizişkiýan ýurduň nebit ätiýaçlaryna gönükmelidigini beýan etdi

Paýtagt Tähranda geçirilen Nebit-himiýa Direktorlarynyň 30-njy maslahatynda çykyş eden Pizişkiýan ABŞ-nyň ýadro ylalaşygyndan çekilmeginden soň agyrlaşan ykdysady meseleleriň çözgüdi barada garaýyşlaryny beýan etdi.

Eýran bilen günbatar ýurtlarynyň arasynda dartgynlyga sebäp bolýan ýadro maksatnamasynyň ýurdy üçin peýdaly däldigini aýdan Pizişkiýan, resmi Tähranyň dünýä ýurtlary bilen gatnaşyk usulyny makullamaýandygyny nygtady.

Pizişkiýan; “Men Mejlisde ýadro energiýasy meselesi gün tertibine getirilende onuň özboluşly bolmandygy pikiri döräpdi. Eýranda kesgitlenen 1,200 tonna uran ätiýajy bar. Munuň üstünde işlemek ýerliklimi? Ýurdumyzdaky nebit ätiýajy has köp. Eger ýadro energiýa sarp eden tagallamyzy nebit önümleri pudagyna sarp eden bolsadyk, has ýokary girdeji alynardy” diýdi.

Ýurduň başdan geçirýän agyr günlerinde ähli syýasy toparlaryň bilelikde hereket etmelidigini nygtan Pizişkiýan; “Ykdysady söweş harby söweşden has agyrdyr. Hemmeler jebis, agzybir bolmaly” diýdi.


Etiketkalar: #Eýran , #nebit , #mejlis

Degişli Habarlar