Gazpromyň Britaniýadaky we Gallerdäki emläkleri saklandy

Russiýanyň açyk paýdarlar jemgyýeti Gazpromyň Britaniýadaky we Gallerdäki emläkleri saklandy

995595
Gazpromyň Britaniýadaky we Gallerdäki emläkleri saklandy

Ukrainanyň tebigy gaz kompaniýasy Neftogazdan berilen beýannamada Halkara Stokgolm Arbitraž kazyýeti tarapyndan özlerine puşmana tölegini tölemäge karar berilen Gazpromyň Britaniýadaky we Gallerdäki emläkleriniň saklanandygy habar berildi.

Gazpromyň Britaniýadaky we Gallerdäki gymmaty 50 müň dollardan ýokarda bolan emläkleriniň sanawyny kazyýete berjekdigi barada nygtalýan beýannamada, Gazprom kazyýetiň kararyny ýerine ýetirmän halatynda jeza çäresine sezewar bolup biljekdigi bellenilýär.

Merkezi Stokgolmda ýerleşýän Halkara Arbitraž kazyýetiniň birnäçe wagt ozal kabul eden kararynda Gazprom bilen Neftogazyň arasyndaky kazyýet işi ukrain kompaniýasynyň bähbidine gutarypdy.

Gazpromyň Ukraina gaz akdyrmak boýunça borçlaryny ýerine ýetirmändigini kesgitlän kazyýet, Gazpromyň Naftogaza 2,56 milliard dollar tölemegi barada höküm çykarypdy.

 



Degişli Habarlar