Mehmet Şimşek Türkiýäniň ykdysady ösüşi bilen bagly beýanat berdi

Ykdysadyýetden jogapkär Wise-premýer Mehmet Şimşek ýylyň ilkinji çärýeginde 7,4 göterim ösen Türkiýäniň ykdysadyýetiniň netijeliliginiň dowam etjekdigini belledi

990268
Mehmet Şimşek Türkiýäniň ykdysady ösüşi bilen bagly beýanat berdi

Mehmet Şimşek Türkiýäniň şu ýylyň ilkinji 3 aýynyň ykdysady ösüşi bilen bagly ýazmaça beýanat berdi.

Bu görkeziji bilen ýylyň ilkinji çärýeginde Türkiýäniň ykdysadyýetiniň OECD, Ýewropa Bileleşigi we dünýäniň iň uly ykdysadyýetine eýe bolan 19 ýurtdan we ÝB-den ybarat G20-ä agza ýurtlaryň arasynda iň uly ösüşi görkezen ýurtlaryň arasynda öň hatardadygyny aýdan Şimşek: “2018-nji ýylyň ilkinji çärýeginde ösüş içerki talap sebäpli boldy. Maşyn enjam maýa goýumlarynyň şol döwürde real ýagdaýda 7 göterim artmagy öňümizdäki çärýekleriň ösüşi üçin hem guwandyryjydyr” diýdi.  

Ýurdyň öz içindäki we daşary ýurtdaky maliýe şertlerindäki ýygjamlanmanyň täsiri bilen ykdysadyýetde deňagramlylyk etabynyň başlandygyny aýdan Mehmet Şimşek 2018-nji ýylyň ähli çärýeklerinde ösüşiň Orta möhletli meýilnama laýyklykda bolmagyna garaşýandyklaryny belledi.



Degişli Habarlar