“Boeing” kompaniýasy ABŞ-nyň Eýrana goýan goşmaça sanksiýalary sebäpli ylalaşyklary bes etdi

“Boeingiň” ýolbaşçysy: “Eýrana häzirki wagta çenli ýekeje uçaram gowşurmadyk we indi lisenziýamyz bolmandygy üçin berip hem bilmeris” diýdi

987919
“Boeing” kompaniýasy ABŞ-nyň Eýrana goýan goşmaça sanksiýalary sebäpli ylalaşyklary bes etdi

“Boeingiň” ýolbaşçylaryndan biri Eýran bilen 2015-nji ýylda gol çekişilen Giň gerimli hyzmatdaşlyk meýilnamasyndan soň gazanylan ylalaşyklara laýyklykda häzirki wagta çenli ýekeje uçaryň hem berilmändigini aýtdy.

“Boeingiň” ýolbaşçysy: “Eýrana häzirki wagta çenli ýekeje uçaram gowşurmadyk we indi lisenziýamyz bolmandygy üçin berip hem bilmeris” diýdi.

“Boeing” 40 ýyla golaý dowam eden embargo sebäpli ABŞ-dan ýolagçy uçaryny we uçarlaryň ätiýaç şaýlaryny satyn almadyk Eýran bilen 2016-njy ýylyň dekabrynda 16,6 millaird dollarlyk, 2017-nji ýylyň aprel aýynda 3 milliard dollarlyk iki ylalaşyga gol çekişipdi.

“Boeingiň” ylalaşyklary bes etmegine ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň geçen aý meýilnamadan çekilmek barada kabul eden karary we 2015-nji ýylda bes edilen sanksiýalaryň ýaňadandan goýuljakdygy sebäp boldy.

Eýranda howaýollary kompaniýalarynyň embargo sebäpli uçar flotuny täzeläp bilmändigi üçin soňky 39 ýylda 200-den gowrak uçar heläkçiligi we 2 müňden gowrak adam pida boldy.

 



Degişli Habarlar