Şimşek: “Maliýe syýasaty baradaky aladalar ýerlikli däl”

Ykdysadyýetden jogapkär Wise-premýer Mehmet Şimşek maliýe syýasaty baradaky aladalaryň ýerliksizdigini aýtdy

965684
Şimşek: “Maliýe syýasaty baradaky aladalar ýerlikli däl”

Şimşek Türkiýäniň Banklar bileleşiginiň 61-nji sessiýasynda çykyş etdi.

Şimşek ykdysady görkezijilere seredilende ykdysadyýetde kem-käs gowşamanyň bardygyny aýtdy.

Daşary söwda ýetmezçiligini azaltmak üçin iňňän möhüm özgertmeleri amala aşyrýandyklaryny beýan eden Şimşek: “Ýakyn geljekde importy azaldyjy maýa goýumlaryna uly goldaw berildi. Şol maýa goýumlary iş ýüzüne geçen halatynda Türkiýäniň nagt ýetmezçiligi 19 milliard dollara çenli azalar” diýdi.

Şimşek soňky döwürdäki goldawlar baradaky tankytlara barada bolsa: Maliýe syýasaty baradaky aladalar ýerlikli däl. Golaýda gysga möhletde agyr ýitgiler bolmaz, emma orta we uzak möhletde salgydy ýokarlandyrman ýaýbaňlandyrjakdygymyz üçin maliýe düzgün-nyzam dowam etdiriler” diýdi.



Degişli Habarlar