Türkiýe-Ukraina uçar gatnawy tolkuny iki esse ýokarlandyryldy

Türkiýe bilen Ukrainanyň arasyndaky uçuşlaryn artdyrylmagy üçin gol çekişilen ylalaşyga laýyklykda Stambul-Odessa uçuş tolkuny iki esse ýokarlandyryldy

944436
Türkiýe-Ukraina uçar gatnawy tolkuny iki esse ýokarlandyryldy

Raýat awiasiýasy baş müdirliginden berilen beýannama görä iki ýurduň degişli edaralarynyň wekiliýetleri ýurtlaryň arasyndaky uçar gatnawlarynyň we uçuş nokatlarynyň sanynyň artdyrylmagy maksady bilen düýn Ankarada duşuşdylar.

Raýat awiasiýasy baş müdiriniň orunbasary Haýdar Ýalçynyň we Ukrainanyň Raýat awiasiýasy edarasynyň baş müdiriniň orunbasary Sergii Kroşugyň ýolbaşçylyk etmeginde geçirilen gepleşiklerde howa ýoly ulaglarynyň dowam edýän tolkun we uçuş nokady çäklendirmesi meselesini ara alyp maslahatlaşdylar.

Gepleşikleriň ahyrynda gol çekişilen şertnama laýyklykda Stambul-Odessa ugrunda bar bolan tolkun sanynyň iki esse ýokarlandyrylmagy barada ylalaşyldy.

İzmir-Kiýew ugry boýunça hepdelik 21 tolkun uçuş kesgitlenip, täze goşulan nokatlara hepdelik 7 tolkun sapar guralmagy barada ylalaşyldy.


Etiketkalar: #Türkiýe , #Ukraina , #uçar , #gatnaw

Degişli Habarlar