Türkiýä 2017-nji ýylda 4,5 milliondan gowrak rus syýahatçy geldi

Türkiýe 2017-nji ýylda jemi 4,52 millionlyk syýahatçy bilen ruslaryň iň halaýan ýurdy boldy

939372
Türkiýä 2017-nji ýylda 4,5 milliondan gowrak rus syýahatçy geldi

Syýahatçylyk analiz kärhanasy TurStat tarapyndan berilen beýanatda 2017-nji ýylda 2016-njy ýyla garanyňda 26 göterimli artyş bilen jemi 39,6 million rus raýatyň daşary ýurtlarda dynç alandygy mälim edildi.

Türkiýä 2017-nji ýylda 2016-njy ýyla garanyňda 5,7 göterimlik artyş bilen 4,52 million rus syýahatçynyň gelendigi aýdylýan beýanatda ruslaryň Türkiýeden soň iň köp Finlýandiýada, Gazagystanda, Ukrainada, Hytaýda we Estoniýada dynç alandygy habar berildi.  

Türkiýäniň Medeniýet we syýahatçylyk ministri Numan Kurtulmuş birnäçe wagt ozal beren beýanatynda Türkiýä şu ýyl 6 million rus syýahatçynyň gelmegine garaşýandyklaryny belledi.



Degişli Habarlar