Türk firmasy Sudanda howa menzilini gurar

Türkiýe Sudan bilen söwda mukdaryny 10 milliard dollara ýetirilmegi maksat edinilýär

936187
Türk firmasy Sudanda howa menzilini gurar

 

Paýtagt Hartumda guruljak täze howa menziliniň tendrinde üstünlik gazanan türk firmasy bilen Sudanyň arasynda şertnama baglaşyldy.

Sudanyň Maliýe ministrliginde geçirlen gol çekişlik dabarasyna Türkiýäniň Sudandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi İrfan Nezirogly, türk firmasynyň ýolbaşçylary bilen Sudanly ministrler gatnaşdy.

Gol çekişlik dabarasynyň öňüsyrasynda Sudanly we Türkiýeli işewür adamlarynyň gatnaşmagynda geçirlen dabarada çykyş eden Ykdysadyýet ministriniň orunbasary Fatih Metin, howa menziliniň gurluşygynyň tamamlanmagy bilen Hartumyň Afrikada uçuş merkezi ýagdaýyna geljekdigini aýtdy.

Metin Türkiýäniň Sudan bilen söwda mukdarynyň 10 milliard dollara ýetirilmeginiň maksat edinilýändigini ýatlatdy.

Sudanyň Maliýe we Ykdysadyýet ministri Muhammed Osman bolsa Türkiýe bilen Sudanyň arasyndaky gatnaşyklaryň ösmeginden hoşaldyklaryny belledi.

Howa menziliniň gurluşygynyň gymmaty 1 milliard 100 million dollara barabar bolar.

 



Degişli Habarlar