Türkiýe 2017-nji ýylda rus syýahatçylary üçin iň meşhur ýurt boldy

2017-nji ýylda Russiýadan Türžiýe 4,52 million syýahatçy geldi

933404
Türkiýe 2017-nji ýylda rus syýahatçylary üçin iň meşhur ýurt boldy

Syýahatçylyk seljeriş firmasy “TurStat” tarapyndan berilen beýannamada 2017-nji ýylda jemi 39,6 million rus raýatynyň daşary ýurtlara gezelenç maksatly syýahat edendigini habar berýär.

Türkiýä 2017-nji ýylda öňki ýyl bilen deňeşdirilende 4,52 million rus syýahatçysynyň gelendigine üns çekilýän beýannamada, Türkiýeden soň ikinji ýerde Abhaziýanyň durýandygy nygtalýar.

Üçünji orny Finlandiýa, soň bolsa nobaty bilen Gazagystan, Ukraina, Hytaý we Estoniýa rus syýahatçylarynyň isleg bildiren ýurtlary.

Medeniýet we syýahatçylyk ministri Numan Kurtulmuş şu ýyl Türkiýä 6 million rus syýahatçysynyň gelmegine garaşýandyklaryny beýan edipdi.



Degişli Habarlar