Zeýbekji Russiýanyň pomidor eksport edýän firmalara getiren çäklendirmesi bilen bagly beýanat berdi

Türkiýäniň Ykdysadyýet ministri Nihat Zeýbekji Russiýanyň pomidor eksport edýän firmalara getiren çäklendirmesi bilen bagly: “Gerek bolsa biz hem şoňa meňzeş ederis” diýdi

933014
Zeýbekji Russiýanyň pomidor eksport edýän firmalara getiren çäklendirmesi bilen bagly beýanat berdi

Russiýa edilýän miwe we gök önüm eksportynyň üstünde durup geçen Nihat Zeýbekji önüm esasly gadagançylygyň ortadan aýrylmagyndan soň, bu ýurdyň miwe we gök önüm eksportyndaky ähli çäklendirmeleri ortadan aýyrmagyna garaşýandyklaryny belledi.  

Zeýbekji pomidor eksportyndaky firma çäklendirmesine we firmalaryň sany ýaly kesgitlemelere garşydyklaryny mälim etdi.

Firmalary Ykdysadyýet ministrliginiň kesgitleýändigi barada bir ýalňyş pikiriň bardygyna ünsleri çeken Zeýbekji: “Russiýanyň haýsy firma pomidor eksport etjek, haýsy firma miwe we gök önüm eksport etjek diýip olary akkreditlemegini, sertifikat bermegini ýa-da saýlamagyny kabul etmegimiz mümkin däl. Ony açyk ýagdaýda aýdýarys. Häzirki wagtda Russiýadan edýän ähli importymyzy bellige alýarys. Onuň ýeke täk bir maksady bar. Gerek bolsa biz hem meňzeş ederis. Biz hem firmalary saýlap, importymyzy şolar ýaly ederis” diýdi.  



Degişli Habarlar