Balykesir Arap maýadarlarynyň ünsüni özüne çekýär

2016-2017-nji ýylda Türkiýäniň iň köp ähmiýet gazanan welaýaty bolan Balykesir Arap maýadarlarynyň ünsüni özüne çekýär

885621
Balykesir Arap maýadarlarynyň ünsüni özüne çekýär

Şäher häkimi Zekai Kafaoglynyň myhmany hökmünde şähere 9 ýurtdan 30 maýadar geldi.

Birleşen Arap Emirliklerinden, Saud Arabystanyndan, Katardan, Kuweýtden, Liwiýadan, Siriýadan, Ýemenden we Marokkodan gelen maýadarlara şäheriň maýa goýum mümkinçilikleri hakynda maglumat berildi.

Şäher häkimi Kafaogly arap maýadarlaryna şäheriň ýerleşişi, geotermal çeşmeleri, maýa goýum mümkinçilikleri hakynda giňişleýin maglumat berdi.

Kafaogly “Musulman doganlyk ýurtlaryny Balykesire gelmäge, maýa goýmaga we biziň bilen hyzmatdaşlyk etmäge çagyrýarys. Şäheriň ýerli ýolbaşçylary hökmünde biz ähli taraplaýyn amatly şert döretmäge taýardyrys” diýdi.

 

 



Degişli Habarlar