Türkiýä gelen daşary ýurtlylaryň sany 10 aýda 28,1 göterim artdy

10 aýda Türkiýä gelen daşary ýurtlylaryň sany 10 aýda 28,1 göterim artyp 29 million 53 müň 450 adama ýetdi

857669
Türkiýä gelen daşary ýurtlylaryň sany 10 aýda 28,1 göterim artdy

Medeniýet we syýahatçylyk ministrliginiň internet saýtynda berlen görkezijilere görä, oktýabr aýynda bolsa Türkiýä gelen daşary ýurtlylaryň sany geçen ýylyň ady agzalýan döwri bilen deňeşdirilende 22,16 göterim artyp 2 million 992 müň 947 adama ýetdi.

Oktýabr aýynda Türkiýä gelen daşary ýurtlylaryň sanawynda 442 müň 970 adam bilen Russiýa birinji orny eýeleýär.

Russiýadan soň 412 müň 855 adam bilen Germaniýa ikinji, 222 müň 356 adam bilen Eýran üçünji orny eýeleýär.

Russiýa ýylyň ilkinji 10 aýda hem Türkiýä iň köp syýahatçy ugradan ýurt boldy.

10 aýda Russiýadan Türkiýä 4 million 565 müň 275 adam geldi.

Sanawda 3 million 336 müň 7 adam bilen Germaniýa ikinji, 2 million 118 müň 263 adam bilen Eýran bolsa üçünji orny eýeledi.

 



Degişli Habarlar