Faruk Özlü D-8-iň özara söwda mukdarynyň 100 milliard dollara barabardygyny aýtdy
Ylym, senagat we tehnologiýa ministri Faruk Özlü Nigeriýanyň Abuýa şäherinde geçirilen “D-8-iň Senagat ministrleriniň 6-njy maslahatyna” gatnaşdy
Ministr Faruk Özlü: “Jemi ykdysady güýjümiziň 3 trillion 779 milliard dollar, gurama agza ýurtlaryň jemi ilatynyň 1,1 milliarda barabar bolandygyny pikir edenimizde içeri söwda mukdarymyzyň 500 milliard dollara ýetirilmegi mümkindir” diýdi.
D-8-iň 9-njy maslahatynyň oktýabr aýynda Türkiýede geçiriljekdigini ýatladan ministr Özlü, maslahatda Prezident R.T.Erdoganyň aýdyşy ýaly: “Uruşyň ýerine parahatçylyk, çaknyşygyň ýerine dialog, üstünligiň ýerine deňlik, iki standartlylygyň ýerine adalat we ösüş” ýörelgelerinde birleşilendigini aýtdy.
Faruk Özlü D-8-iň 1997-nji ýyldan bäri agza ýurtlaryň birnäçe ugurda köp sanly ösüş edendigine ünsi çekip: “D-8-e agza ýurtlaryň ýylda ortaça ösüş depgini 5 göterime barabar dowam edýär. Şol ösüş depgini birnäçe günbatar ýurtlaryndan ýokarda. Häzirki wagtda agza ýurtlaryň öz aralaryndaky içerki söwda mukdary 100 milliard dollara barabar. Jemi ykdysady güýjümiziň 3 trillion 779 milliard dollar, gurama agza ýurtlaryň jemi ilatynyň 1,1 milliarda barabar bolandygyny pikir edenimizde içeri söwda mukdarymyzyň 500 milliard dollara ýetirilmegi mümkindir” diýdi.
Degişli Habarlar
Senagat Önümçiligi Artdy
Türkiýäniň Hasabat guramasy senagat önümçilik indeksiniň görkezijilerini çap etdi.