TANAP meýilleşdirilenden çalt gurulýar

Jemi 1850 km uzynlyga eýe boljak TANAP 1 ýylda 16 milliard kub metr tebigy gaz daşar

821672
TANAP meýilleşdirilenden çalt gurulýar

Türkiýäniň Energetika we tebigy serişdeler ministri Berat Albaýrak TANAP taslamasynyň Çanakgala bogazynyň deňiziň aşagyndan geçiriljek böleginiň taslama üçin örän wajypdygyny belledi.

Ministr Albaýrak hem Türkiýe hem-de Ýewropa taýdan örän möhüm bir taslama bolan TANAP-yň Çanakgala bogazynyň aşagyndan geçiriliýän böleginiň gurluşygy bilen tanyş boldy we resmilerden maglumat aldy.

Berat Albaýrak: “Isleýşimiz ýaly bu depgin bilen dowam etse, meýilleşdirilenden has çalt bolar” diýdi.

Jemi 1850 km uzynlyga eýe boljak TANAP 1 ýylda 16 milliard kub metr tebigy gaz daşar.

Ady agzalan mukdaryň 6 millardy Türkiýä, galan 10 milliard kub metr bölegi bolsa TAP turba geçirijiniň üsti bilen Ýewropa iberiler.  

Taslamanyň çäginde öňümizdäki ýylyň iýun-iýul aýlary aralygynda Türkiýä ilkinji tebigy gaz iberilmegi meýilleşdirilýär.



Degişli Habarlar