Russiýa Yragyň Kürt Awtanomiýasy bilen baglaşan nebit şertnamasyndan ýüz öwürdi

Gazprom Halepçe nebit guýusynyň açylmagy taslamasyndan ýüz öwürdi

816534
Russiýa Yragyň Kürt Awtanomiýasy bilen baglaşan nebit şertnamasyndan ýüz öwürdi

 

Rus Gazprom Neft Middle East firmasynyň Baş müdüri Sergeý Petrow Yragyň Kürt Awtanomiýasyndaky Halepçe nebit guýusynyň açylmagy taslamasyndan ýüz öwürendiklerini aýtdy.

Rus köpçülikleýin habar beriş serişdelerine beýanat beren Petrow nebit guýusynyň ýerleşýän etrapçasynda minaly ýerleriň bardygy we bu işiň gaty kyndygy sebäpli taslamadan ýüz öwürendiklerini aýtdy.

Petroj “Halepçe 2 müň metr belentligindäki daglyk etrapçada ýerleşýär,  infstrukturasynyň pesdigi sebäpli soňky çaknyşyklardan soň minaly ýerler galdy. Geo syýasy näbelliligi ortadan aýyrmak üçin uly göwrümli maýa goýumlar gerek. Bu diýseň howply we firmamyz howply zolaklarda işlemek üçin taýar däl” diýip belledi.


Etiketkalar: #Gazprom , #nebit , #geo syýasy

Degişli Habarlar