Stambula ýanwar-iýul aýlary aralygynda näçe syýahatçy geldi?

Türkiýäniň Stambul şäherine ýanwar-iýul aýlary aralygynda 5 million 704 müň 702 daşary ýurtly syýahatçy geldi

795213
Stambula ýanwar-iýul aýlary aralygynda näçe syýahatçy geldi?

Medeniýet we syýahatçylyk ministrliginden berilen beýanata görä Topkapy köşgi, Aýasofýa, Gyz Galasy, Ýerebatan howdany we başgada ençeme taryhy eseri özünde jemleýän Türkiýäniň we dünýäniň iň köp gelim-gidimli şäherleriniň biri bolan Stambula şu ýylyň iýul aýynda gelen syýahatçylaryň sany geçen ýylyň iýul aýyna garanyňda 42,7 göterimlik artyş bilen 1 million 319 müň 549 adam geldi.

Şu ýylyň ilkinji 7 aýynda Stambula gelen syýahatçylaryň sany bolsa geçen ýylyň şol döwri bilen deňeşdirilende 6,3 göterim ösdi. Stambula ýanwar-iýul aýlary aralygynda 5 million 704 müň 702 daşary ýurtly syýahatçy geldi.

Şu ýylyň ýanwar–iýul aýlary aralygynda Stambula gelen daşary ýurtly syýahatçylaryň sany boýunça Germaniýanyň 538945 adamsy bilen ilkinji orundadygy, 427018 adam bilen Eýranyň ikinji orundadygy we 294401 adam bilen saud Arabystanynyň 3-nji orundadygy habar berildi.



Degişli Habarlar