Türkiýe bilen Kataryň arasynda ilkinji gönüden deňiz ýoly ugry açyldy

Bu barasynda Katardan berilen beýannamkada aýdylýar

795004
Türkiýe bilen Kataryň arasynda ilkinji gönüden deňiz ýoly ugry açyldy

Kataryň “Milaha” atly döwlet eýeçiligindäki firmadan berilen beýannamada Katar bilen İzmir portunyň arasynda 5 müň tonnadan gowrak ýük sowadyş ukybyna eýe gönüden konteýner gatnawy ýolunyň açylandygy habar berildi.

Her 20-25 günden bir gezek Türkiýeden bir gäminiň ugradyljakdygy barada aýdylýan beýannamada gäminiň ýol gatnawynyň 11 güne barabardygy nygtalýar.

“Milaha” firmasynyň baş müdiri Abdurrahman İsa Al Manai bolsa netijeli, ykdysady we durnukly çözgüt hökmünde şeýle başlangyjy edendiklerini aýtdy.

Täze gatnawyň ozalkylar bilen utgaşykly boljakdygyny nygtan Manai, mundan başgada portara gatnaşyklaryň güýçlendirilmegini we Kataryň Aýlag sebitinde ýerleşýän ýurtlar hem-de Türkiýe bilen söwda gatnaşyklaryny ýeňilleşdirmegi nazarda tutýandygyny aýtdy.

Manai Katar bilen Türkiýäniň arasyndaky söwda mukdarynyň soňky birnäçe aýda ösendigini sözleriniň üstüne goşdy.

 



Degişli Habarlar