Türk üljesi ilkinji gezek Hytaýa eksport edildi

Ýewropanyň başda durmagynda dünýäniň çar tarapyna eksport edilýän türk üljesi ilkinji gezek Hytaýa eksport edildi

787383
Türk üljesi ilkinji gezek Hytaýa eksport edildi

Uludag Ter gök we miwe önümleri eksportçylar bileleşiginiň başlygy Şenih Ýazgan türk üljesiniň Hytaýa eksport edilmegi meselesinde Azyk, oba hojalyk we maldarçylyk ministrliginiň  8 ýyldan bäri tagalla edýändigini aýtdy.

8 ýyldan bäri edilýän tagallalardan oňyn netije alandyklaryny aýdan Ýazgan, jogapkärçiliklerini ýerine ýetiren eksportçylaryň ilkinji etapda ýük uçary bilen 6 tonnalyk üljäni Hytaýa ugradandyklaryny ýatlatdy.

Ýazgan Hytaýyň türk üljesi üçin uly bazardygyny we geljek ýyl eksport mukdarynyň artmagyny umyt edýändiklerini belledi.

 



Degişli Habarlar