Türk Akymy taslamasynda rus tarapy bilen ylalaşyk gazanyldy

Bu barasynda Botaşyň Baş Müdiri beýannama berdi

768272
Türk Akymy taslamasynda rus tarapy bilen ylalaşyk gazanyldy

Botaşyň Baş Müdiri Burhan Özjan Türk Akymynyň Türkiýeden geçýän böleginiň maliýeleşdirilmegi boýunça Gazprom açyk paýdarlar jemgyýeti bilen ylalaşandyklaryny beýan etdi.

“RİA Nowosti” ýaýlymyna beýannama beren Özjan ylalaşyk barada giňişleýin maglumat berjekdigini nygtap, Türk Akymynyň ikinji ugry üçin işleriň dowam edýändigini, hiç hili bökdençligiň bolmandygyny gürrüň berdi.

Türk Akymy turba geçirijisiniň Türkiýä Trakiýanyň Kyýyköý etrabynda geljekdigini aýdan Özjan, taýarlyklaryň deňiziň aşagynda we gury ýerde dowam edýändigini nygtady.

Tebigy gazy Ýewropa Ukrainanyň üstaşyr satýan Russiýa 2014-nji ýylda ýüze çykan dartgynlyklardan soň alternatiw ýol gözlegine başlandan soň Türk Akymy taslamasy gün tertibine gelipdi.

Türk Akymy tebigy gaz geçirijisi rus gazyny Gara deňiziň aşagyndan geçirip, Türkiýä, ol ýerden hem Gresiýanyň üstaşyr Ýewropa ýetirmegi nazarda tutýar.



Degişli Habarlar