Russiýa Halkara Izmir sergisine ilkinji gezek resmi hyzmatdaş hökmünde gatnaşar

Russiýa awgust aýynyň 18-27-si aralygynda geçiriljek 86-njy Halkara Izmir sergisine ilkinji gezek resmi hyzmatdaş hökmünde gatnaşar

760730
Russiýa  Halkara Izmir sergisine ilkinji gezek resmi hyzmatdaş hökmünde gatnaşar

Russiýanyň Ykdysady galkynyş ministri Alekseý Gruzdew Hytaýyň Dalian şäherinde geçirlen Summer Dawos maslahatynyň çäginde žurnalistlere beren beýanatynda “Awgust aýynda Izmirde halkara sergi geçirler. Russiýa şol sergä resmi hyzmatdaş hökmünde çagyryldy we biz hem çakylygy kabul etdik” diýdi.

Gruzdew serginiň çäginde Türkiýe bilen ýurdunyň arasyndaky ykdysady gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagy meselesiniň ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny aýtdy.

 

 



Degişli Habarlar