ÝB Russiýa goýan sanksiýalarynyň möletini 6 aý uzaltdy

ÝB Geňeşi Ukrainany durnuksyzlaşdyrmagy sebäpli Russiýanyň belli pudaklaryna goýulan ykdysady çäklendirmeleriň uzaldylmagy barada netije gelinendigini habar berdi

761212
ÝB Russiýa goýan sanksiýalarynyň möletini 6 aý uzaltdy

Russiýa bolsa karara degişli garşylygyň görkeziljekdigini beýan etdi.

Kremliň metbugat sekretary Dmitri Peskow; “İki taraplylyk ýörelgesini hiç kim bes etmedi” diýmek bilen, resmi Moskwanyň ÝB-niň sanksiýa kararyna garşylyk görkezip biljekdigini aýtdy.

Bar bolan çäklendirmeleriň möhleti 2017-nji ýylyň 31-nji iýulynda gutarmalydy.

Kabul edilen karara laýyklykda Russiýa goýulan ykdysady sanksiýalar 2018-nji ýylyň 31-nji ýanwaryna çenli uzaldyldy.

Ykdysady sanksiýalaryň çaginde ÝB-ne agza 28 ýurt Russiýa ýarag satyp bilmez.

Şeýle-de Russiýanyň nebit we tebigy gaz pudagynda peýdalanylýan käbir tehnologiýalaryň Bileleşige agza ýurtlardan almagy çäklendirilýar.

Rus döwlet banklary Ýewropanyň maliýe pudagynda çetleşdirilýär.

2014-nji ýylda Krymyň Russiýa tarapyndan anneksiýasy we Ukrainanyň gündogarynda başlan wakalardan soň ÝB, ABŞ we käbir ýurtlar Russiýa ykdysady çäklendirme goýmaga başlapdy.

ÝB möhleti 6 aýdan bir uzaldylýan sanksiýalaryň goýulmagy baradaky kararyny 2014-nji ýylda kabul edipdi.

 



Degişli Habarlar